Ulularyň oýny

Adam aýtdy:

"Ikinji gatda gowy polisiýa, birinji gatda erbet polisiýa bolup oýnaýan KGB ofiseri oturýardy. Ilki meni kameramdan göni, KGB-niň baş edarasy bilen deslapky tussaghananyň arasyny birleşdirýän koridordan, ikinji gatdaky 'gowy ofiseriň' ýanyna getirýärdiler, ol çaý-suw, kofe hödürleýärdi. Tomsuň yssysynda ýa gyşyň aýazynda aýlap KGB kamerasynda çüýremedik adamlara sowadyjyly ýa ýyladylýan, üstesine arassa kabinetde hödürlenýän çaý-suwuň ýa kofäniň nämedigini düşündirmek kyn bolar. Ýalpyldap duran agaç pola seretseň, kameradaky demir ýatalgalaryň aşagyndaky beton pol, bir garyş galyňlykdaky kirşen göz öňüňe geler. Dogry, egnimde ýyrtylan köýnegi çykaryp, hajathana goýberenlerinde siýdikden boşadyp getiren iki baklaşka suwum bilen ölläp, ol kirşeni süpürip aýyrypdym. Emma aňymdan şindem süpürip aýryp bilemok... Soň erbet ofiseriň kabinetine alyp giderler. Ol üstüňe dyzar, 'akmak bolmasaň, diýlenini edip, ýüklenýän günäni boýun alyp, ak ýürekden toba edip, çagalaryň ýanyna git, hudaý düzedip bilenok, senmi dünýäni düzetjek?!.' diýip, depäňde dil tansyny eder. 'Seniň allaň, hudaýy ýokmy? Ene-ataň, çagalaryň ýokmy? Doganlaryň ýokmy? Erteki gün şolara töhmet atsalar nätjek? Zor bilen etmedik işini boýun aldyrsalar nätjek?' diýip sorasyň geler. Ýöne soramarsyň. Sebäbi hudaý, alla diýilýäniň, iman-ynanjyň emel ýetenler üçin boş gürrüňdigini, ol sözlere aslynda köp adamyň ynanmaýandygyny, ýöne ynanan bolýandygyny, ýagny munuň gowy polisiýa, erbet polisiýa oýny ýaly, gowy, imanly adam oýunyndan başda zat däldigini bilersiň, görersiň..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024