Milli howpsuzlyk ýa-da wagtlaýyn ýeňşiň pidalary

Adam aýtdy:

"Nobatdaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, öňki ministr garyndaşymyz tussag edildi-de, başga delilleri az ýaly, onuň bilen garyndaşlygy bolan garry aýallary hem KGB-ä soraga çagyrdylar. Meni iki sany garry daýzam bilen bile sorag etdiler. Günämiz ministr garyndaşymyzyň toýuna barmakdan ybarat eken. Ol ministrkä, ol-a garyndaşlary eken, ýedi ýatlar hem çagyrylsa, ylgap barýardylar. Içimden KGB işini gutardymyka, prezidentiň sag goly bolan adamyň toýuna baran adamlaryň ählisini sorag etjek bolsa, milli howpsuzlygy goramaga eli ýetermikä diýdim. Ýöne daşymdan berlen soraga jogap berdim: 'Hawa, garyndaşymyz, toýuna bardym, ýöne başga wagt gatnaşyp ýören adamymyz däl, biz bir garamaýak, olar baýlara degişli' diýdim. Gezek garry daýzalaryma geldi. Görgüliler, gorkularyna toýa baranlaryny üzül-kesil ret etdiler: 'Ýog-eý, garyndaşam däl, toýuna-da barmadyk' diýip, alla-hudaýy ara salyp, ant içdiler. Ofiserleriň biri ýerinden turdy-da, gapdaldaky otagyň gapysyny açdy. Ol otagdaky telewizorda biziň öňki ministr garyndaşymyzyň gelin toýundan düşürilen wideoýazgylary görüp, toý gutlaýanlaryň gutlaglaryny diňläp oturan ekenler. Wideoda toý gutlap oturan daýzam özüni ekranda görüp, aglamjyrap, beýleki daýzama ýüzlendi: "Waý, menmi gyz ol gürläp oturan?' 'Hawa, sen, ýanyňda oturanam men' diýip, beýleki daýzam biraz merdemsilendi. Soňam KGB ofiserine ýüzlenip, 'Hawa, toýa bardyk, gutladyk...' diýdi. KGB ofiseri, uly bir ýeňiş gazanan ýaly, gedemsi ýylgyrdy. KGB-de garyndaşynyň toýuna barany üçin sorag edilen daýzalarym bireýýäm öldi. Emma olary ýatlasam, näme üçindir, hökman şol KGB ofiseriniň ýeňiş buýsanjy, gedemsi ýylgyryşy ýadyma düşýär. Ýogsa soň ol ofiseriň özi hem türmede öldi, öz gurmaga kömekleşen zulum-sütem, terror döwletiniň pidasy boldy. Öleniň yzyndan erbet gürrüň etmeli dälmiş, ýöne adamlar wagtlaýyn ýeňiş bilen ýaşap, iki sany garry daýzany gorkuzyp bilselerem begenip, bütin ömürlerine ýeňilýändiklerine hatda milli howpsuzlygy gorap hem düşünip bilmeýärler. Sebäbi olar milli howpsuzlygy däl, öz wagtlaýyn bähbitjiklerini goraýarlar, ili depeläp, bagtly boljak bolýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024