Soň gelenler
Adam aýtdy:
"Arada biri, milletini aýdyp oturmaýyn, Germaniýada ýaşaýaryn, emma öz öňki watanymdan gelen ildeşlerimi görsem, utanýaryn diýip ýazypdyr. Ol gelen ýurdunyň ähli abadançylygyndan peýdalanýan, ýöne ol barada erbetden-erbet zatlary aýdýan adamlar hakynda gürrüň edýär. 'Bu olaryň o diýen akyly ýerinde däldiginden habar berýär, özem olar, her näçe gynansam-da, barha kän duşýar. Ol öz gelen ýurtlaryndaky ýaly ýigrenç bilen keseki ýurda gargaýarlar' diýip, ol bu hili adamlaryň, näçe ýyl ýaşasalar-da, gelen ýurdunyň dilini hem öwrenjek bolmaýandyklaryny aýdýar. Sebäbi bu ýurtda olaryň öz ilinden gelenler näçe diýseň ýeterlik. Olar çagalaryny hem öz çygyrlarynda saklaýarlar, öz ildeşleriniň köp mekdebine iberýärler, uzak hem bolsa, öz ildeşleriniň açan dükanlaryna gidýärler. Işe ýerleşenlerinde hem, dil öwrenjek bolman, öz dilinde gepleýänleriň köpräk ýerini gözleýärler. Bularyň üstesine, olar ýerli halka ýigrençlerini hem içlerinde saklap bilmeýärler. Ýurduň berýän durmuş kömegini alyp, işlemän oturan halyna, çagasyna ýaramaz baha goýan mugallymyň üstüne baryp, gykylyk edýän, soňra oňa diýen ýakymsyz sözleri bilen öwnüp ýörenler hem az däl diýip, pahyr, beýle adamlaryň, çagyrylyp getirilen ýaly, şeýle ýigrenýän ýurtlaryna gelişlerine, ol ýerde ýaşajak bolmaklaryna haýran galýar. Men ozal soň gelen aşa batyrlar diňe öz dindeşlerimiň arasynda kändir öýderdim."