Açgözlügiň asly
Adam aýtdy:
"Garaşsyz ýurt bolduk, ilki çagalar bagynda çagalara berilýän azyk önümlerini ogurlap başladylar, soň harby gullukda açlyk başlandy. Türmedäkileriň ýagdaýyny aýdyp hem oturmaýyn, sebäbi ol ýerdäki azyk sowet ýyllarynda hem kän ogurlanýardy. Käbirleri bu ogurlyklar sowet, kommunist açlygynyň netijesi, sebäbi kommunistler emeli döredilen açlygy halky gul etmek üçin ýarag edip ulandylar diýdi, beýlekiler bu milli medeniýetden, hususan-da musulmançylykdan gelip çykan açlyk, biziň adamlarymyz sowetler ýykylandan soň has doýmaz-dolmaz boldular, sebäbi bize türk, arap-pars doganlarymyzyň hem açgözlügi ýokuşdy diýdi. Garaz, haýsam bolanda, ogry bolanymyz, çaga-çuga, aýal-gyz, garry-gurty diýmän, öňümizden çykany talamaga taýýar, üstesine demokrat we musulman bolanymyz jedelsiz."