Aglamaly parodiýa

Adam aýtdy:

"Olar ilki okuwy, bilimi parodiýa öwürdi. Tanyş görüp, para berip alnan diploma 'gaty kagyz' diýip güldüler, çyny bilen okan, yhlas eden utanmaly, dymmaly boldy. Soň döwlet işi parodiýa öwrüldi, sebäbi kim köp para berse, şol wezipe alýardy. Ekin ekmek, hasyl almak, döwlet tabşyryklary hem gülkä öwrüldi. Edebiýat, sungat hem parodiýa öwrüldi, adalat, kanunçylyk gülki boldy. Din, däp-dessurlar hem gülki boldy. Ozallar 'mollanyň diýenini et, edenini etme' diýerdiler, soň 'dogry sözliň dosty ýok' diýen köne nakyly ýörelge edindiler, tanyş görüp, ymam boldular, para berip ýa ýalan sözläp, adam satyp, döwlet uçarynda haj zyýaratyna gitdiler. Indi garaşsyz döwletde, bagtyýar ýaşaýarlar, ýöne bilýärler, alýan aýlyklary hem, ösüp ýeten wezipeleri hem, bagtlary hem parodiýa. Emma gülmek bolmaýar. Sebäbi onuň arkasynda gara güýç dur, öň gülüp ýa parodiýanyň hözirini görüp, soň başga ýere iberilen kän boldy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024