Diktatorlar we halk
Adam aýtdy:
"Ispan ýazyjysy Jorge Mario Pedro Vargas Llosa diktatorlar ýarymsowat bolýar, edebiýatyň özleri üçin howply bolup biljekdigini bilmeýär diýipdir. Onuň pikiriçe, hut şu sebäpden, maglumat elýeterliligi çäkli bolan ýurtlarda edebiýat onuň ýeke-täk çeşmesi bolup biler. Ýöne diktatorlaram özgerýär, käbir zatlary öwrenýär we hatda edebiýaty hem, özi ýalylaryň eline berip, beýlekileri gadagan edip, golaýyna barmaz, ýüzüne seretmez ýaly bir zada öwürýär. Has gynançly ýeri bolsa, diktatorlara özgerse-de, halk özgermeýär ýa-da örän haýal özgerýär. Netijede ol, elýeterli edebiýata hem el uzatman, okaman, bilmän, biljegem bolman, ezijileriň aňsat awy bolup galýar."