Gülkünç göreşijiler
Adam aýtdy:
"1995-nji ýylda alty çemesi KGB-niň türmesinde oturdym. Oňa SIZO ýa-da sud seljerişliginden öňki deslapky tussaghana diýilýär. Onuň başlygynyň orunbasaryna Halmämmet Halmämmedow diýýärdiler. Yzymdan geçirilýän zatlaryň ýarysyna golaýynyň ogurlanýandygyny anyklanymdan soň, bu adam bilen berk gürleşdim. Has anygy, gapyny depip, ogurlanan zatlarymy getirmeklerini talap etdim. Kameradaşlarymyň tas gözi çykypdy. Meni derrew Halmämmediň kabinetine alyp gitdiler. Ol meniň talabyma, eden işiňe jogap berersiň diýen sözlerime güldi we '13 ýyl bäri işleýän, emma eden işine jogap beren göremok' diýdi. Bu gürrüňi ertesi sorag edilemde, sülçä aýtdym. "Hil bir adam ýaly, egniňize pagon dakynýaňyz, özüňizem tussagyň yzyndan gelen zady ogurlaýaňyz' diýdim. Soň Halmämmediň düşewüntli ornundan gyrakladylanyny eşitdim. Türmeden boşamsoň, bu bolan wakany birki sany göreşijä, döşüne kakyp ýören intelligente gürrüň berdim. Olar ynanmadylar. Soň olaryň yzymdan başga-başga gürrüňleri edýändigini eşitdim. Gülkünç göreşijiler, başga biriniň kiçijigem bolsa ýeňiş gazanany däl, dönük bolup çykanyny isleýän ekenler."
23.03.2021.