Hökümet mafiýasy
Adam aýtdy:
"1980-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabatdaky 52-nji mekdep açylanda, paýtagtyň 31-nji mekdebiniň otuza golaý mugallymy arzasyny berip, işden çykdy we täze mekdebe geçdi. 31-nji mekdebiň ýakasy gaýyşly direktory, erkek mugallymlary hem öýünde hyzmatkär edinen bihaýa aýal, gözüni ýaşardyp, işden çykýan mugallymlara ýalbaryp, olary saklajak boldy. Ol ozal bahana tapsa kemsiden, koridorda ýa kabinetinde keýp edip azgyrylan adamlaryna, özüne ýaraýan işleri etmändigi üçin ýigrenen pedagoglaryna 'jan' diýip ýüzlendi. Emma peýdasy bolmady. Şonda men iş ýerleri köpelse, adamlar mertebesini gorap biljek ekeni, azgyn ýolbaşçylar hem gözüne ýaş aýlap, ozal kemsiden, basgylan, para bermäge, gapysynda gul bolmaga mejbur eden adamlarynyň öňünde dyza çökjek ekeni diýip pikir etdim. Haýp, soň hökümet adamlara gidere ýer goýmady, iş ýerlerini ýapdy we azgyn ýolbaşçylaryň halky depelemegine giň ýol açdy. Onsoň adamlar ýurtlaryny taşlap, başga ýurtlara gidip, maşgalala eklejek bolup, maşgalany käte has kyn ýagdaýa saldy. Sebäbi hökümet mafiýasy 31-nji mekdebiň azgyn direktory ýaly adamlaryň arkasynda durýardy, bilkastdan döredilen we örňedilen bisowatlygyň, işsizligiň ösmegine daýanyp, gürläp biljek adamlaryň azalmagyndan, maşgalalaryň dargamagyndan baýlyk toplaýardy."