Biz ýok bolýarysmy?

Adam aýtdy:

"Bizde ilat ýazuwynyň netijeleriniň çap edilmezliginiň sebäbi biziň pikir edişimizden hem aýylganç bolmaly, garaşsyz döwlet bolup gelen ýerimiz, düşen çukurymyz barada pikir etmekden hem gorkýaryn. Fizika, matematika ylymlarynyň doktory Lýudmila Fionowanyň 19-njy martda öz YouTube kanalynda çap eden ýüzlenmesini okap, hasam gorkdum. Elbetde, ol orsýetlilere, bir zaman ýewraziýa sebitiniň halklaryny gyryp-gyrjaşdyran, zor bilen öz dininden, dilinden we däbinden aýran adamlaryň nesillerine ýüzlenipdir. Ýöne onuň Orsýetdäki heläkçilikli demografiýa barada aýdýanlary bize-de degişli. Ol Orsýetiň döwlet hökmünde saklanmagyna, rus halkynyň ýaşamagyna howp abanýandygyny duýdurýar. Ýok, ol pikirini aýtmaýar, sanlary, ýagny faktlary getirýär. Rus döwletiniň statistiki maglumatlaryna görä, Orsýetde 146 million adam ýaşaýar. Geçen ýyl ýurt ilatynyň tas bir milliona golaý azalandygy aýdyldy, ondan öňki ýyllarda 300 müň, 400 müň azalandygyny aýdardylar, bu hakykata düýpden laýyk gelmeýärdi diýip, alym aýdýar. Şeýle-de, degişli gulluklaryň resmileriniň birnäçe ýyl ozal tassyklamagyna görä, raýat ýazgylarynda ölenleriň sany doglanlaryň sanyndan aýrylsa, Orsýetde 90 million çemesi adam ýaşaýar. Ýöne bu görkeziji hem ynandyryjy däl. Alymyň aýtmagyna görä, "däne görkezijisi" diýen düşünje bar. Bütin dünýä boýunça ykrar edilen düzgüne görä, ýurduň her ýaşaýjysyna ýylda çen bilen bir tonna bugdaý gerek. Bu ýerde gürrüň ýewropadaky ýaşaýyş şertleri hakynda barýar. Diýmek, eger biz ýurduň näçe mukdarda galla sarp edýänini hasaplasak, ilatyň hakyky sanyny hasaplap çykaryp bileris diýip, rus metbugaty alyma salgylanyp ýazýar. 2019-njy ýylyň maglumatlaryny alalyň: 130 mln tonna bugdaý öndürildi, onuň 50 mln tonnasy eksport edildi. Netijede, özmize 80 mln tonna bugdaý galdy diýip, alym Orsýetiň häzirki ilatynyň 80 million çemesi adam bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Ýöne ol soňky wagtlarda bu sanyň hem şübhe döredýändigini belleýär. 'Eýýäm Orsýetde 60 mln adamyň ýaşaýandygyna şaýatlyk edýän maglumatlar peýda boldy' diýip, awtor ýazýar. Onuň pikiriçe, bu ýagdaý diňe adam ölüminiň derejesiniň örän ýokary bolmagyndan, dogulýanlaryň sanynyň örän az bolmagyndan hem däl, eýsem örän köp adamyň ýurtdan gaçmagyndan hem gelip çykýar. Ýewropanyň statistiki maglumatlaryna görä, soňky otuz ýylda bu ýurtdan emigrasiýa giden adamlaryň sany 30 mln hasaplanýar. Ýagny, Orsýetden ýylda çen bilen bir mln adam gidýär, gaçýar. Orsýetden baş alyp gaçýarlar diýip, fizikaçy alym munuň Orsýetdäki aýylganç ykdysady çökgünlik bilen baglydygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, soňky otuz ýylda ýurtda 80 müňe golaý kärhana ýapyldy we, resmi hasaplamalara görä, bu ýagdaý 20 mln çemesi adamyň garyp düşmegine getirdi. Emma hakyky maglumatlar bu ýagdaýyň 40 milliona çenli adamyň tüwmaýak galmagyna getirendigini görkezýär. Bu Orsýetde işläre ýer ýokdugyny, aýlyklaryň juda azdygyny görkezýär. Ykdysady gorp, ykdysady häläkçilik biziň adamlarymyzy daşary ýurtlara zyňýar, ýurt içinde olaryň gedaý galmagyna getirýär diýip, awtor pikirini dowam etdirýär. Resmi maglumatlara görä, gury ýeriň sekizden bir bölegini tutýan Orsýet ilat sany boýunça dokuzynjy ýerde durýar. Eger-de 80 ýa 60 mln diýen görkezijiler nazarda tutulsa, bu ýurtda ullakan ilat ýetmezçiligi göze ilýär. 'Biziň territoriýamyzyň 75%-ne çenli Sibir tutýar, ol ýerde ilatyň gürlügi her inedördül kilometre 2,5 adam...' diýip, alym munuň Hindistandaky ýagdaý bilen deňeşdirilende 177 esse azdygyny, Ýaponiýa bilen deňeşdirilende 158 esse, Günbatar Ýewropa bilen deňeşdirilende 86 esse, Hytaý bilen deňeşdirilende 65 esse, ABŞ bilen deňeşdirilende 13 esse azadygyny belleýär. Has anygy, onuň pikiriçe, Orsýetiň Uraldan aňrysy boş ýatyr. Bu ýagdaýy hatda döwlet statistikasy hem belli derejede tassyklaýar, ýagny Uraldan Uzak Gündogara çenli 20 mln çemesi adamyň ýaşaýandygyny aýdýar. Şeýle-de alym Orsýetde çagalaryň agyr ýagdaýyna ünsi çekýär. Haýsydyr bir çäkde genosid, gyrgynçylyk etmek isleýän adam çagalary öldürer, 9 milliona çenli neşekeş bar, olar esasan ýaş adamlar diýip, alym ýazýar. Eger Orsýetde şeýle bolsa, bizde nähilikä? Pikir etseň, başyň aýlanýar..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024