Bir çugdam ýowşan
Adam aýtdy:
"Arada biri rus diline ornaşan tatar atlary hakynda kiçiräk bellik ýazypdyr. Onda Nikolaý Karamzin, Iwan Turgenew ýaly tanymal rus ýazyjylarynyň ruslaşan tatarlardan bolandygy, Aksakow, Bulgakow, Apraksin, Gorçakow, Şeremetew, Temirýazew ýaly atlary göterýän adamlaryň aslynyň tatar bolandygy aýdylýar. Şeýle-de awtor Şarapaw, Izmaýlow, Kadyşew, Baklanow, Miçurin, Akçurin, Baýçurin, Rezanow ýa Rýazanow, Berdýaýew ýaly atlaryň üstünde durup geçýär. Ýöne bu meseläni öwrenseň, rus dilinde ene-atasy tanamaz ýaly edilen türk, arap-pars sözleriniň sany bar-da, sajagy ýok diýse bolar. Iň bärkisi ýowşan sözüni alyp göreli, bu at biraz ýoýlup, emşan (Емшанов) görnüşinde Orsýetde gadym wagtlardan bäri ulanylýar. Bu söz Apollon Maýkowyň 187-nji ýylda çap edilen "Emşan" atly goşgusynda (Аполлон Майков Емшан) biziň dilimizdäki ýowşan' manysynda ulanylýar (Емшан или евшан (из чагат., туркм. jaušan) — то же, что и полынь. Это слово упоминается в Ипатьевской летописи под 1201 г.). "Ему ты песен наших спой, — Когда ж на песнь не отзовется, Свяжи в пучок емшан степной И дай ему — и он вернётся..." Belki, bu ady hem türki asylly ruslar göterýändir? Bu barada ilki 2011-nji ýylyň awgustynda, talantly rus aktýory Nikita Emşanowyň (Емшанов, Никита Владимирович) ölüm habaryny okamda pikir etdim."