Gynançly ýagdaý
Adam aýtdy:
"Olar bizi öz hapalarynyň içine çekjek bolup, kän jan çekdiler, azap etdiler, kelle döwdüler. Sebäbi, öz hapalarynyň içine çekip bilseler, hamala howpsuz, olaryň biri bolmalydyk. Ýok, bu şahsy mesele däldi. Olar diňe bizi, ýat-kesekileri däl, öz ýakynlaryny, ogul-gyzlaryny hem partiýadan miras alnan hapanyň içine çekýärdiler. Sebäbi şeýtseler rahat, uzaga gidip bolar öýdýärdiler. Ýöne hudaý gorady, wagtynda çekildik. Soň olaryň bir topary şol hapanyň içinde demigip öldi. Emma bu tejribe hiç kime sapak bolmady, hiç zat öwretmedi. Çünki, töweregime seretsem, şindi hem hapa girip, öz hapasyna çekjek bolýan, özi ýaly etjek bolýanlary kän görýärin. Bu gynançly."