Gazawat hem F. Engels
“...Diýmek, iki erkiň “doly deňligini” ýok etmek üçin we siwilizlenen talaňçy döwletleriň yzda galak halklar barasynda edýän hemme masgaraçylykly işlerini, tä ruslaryň Türküstanda eden wagşylyklary ýaly işlerine çenli-de, aklamaga mümkinçilik berýän ahlagy tassyk etmek üçin, diňe bir ahlak taýdan däl, belki akyl taýdan hem deňsizlik ýeterliklidir.
General Kaufman 1873-nji ýylyň tomsunda tatarlaryň ýomut taýpasynyň üstüne çozup, olaryň çadyrlaryny ýakyp, buýrukda aýdylyşy ýaly, “köneki oňat Kawkaz däbine laýyklykda” aýallaryny we çagalaryny çapym-çapym etmegi buýran wagtynda, ol hem, ýomutlar azan adamlar bolany sebäpli, olaryň erki duşmançylykly erkdir, şoňa görä-de olaryň erkini jemgyýetçilik ýaşaýşynyň çäklerine salmak maksady bilen boýun egdirmek gutulgysyz zerurlyga öwrüldi we meniň ulanan serişdelerim maksada has laýyk serişdelerdir diýip tassyklaýardy; kim haýsy-da bolsa bir maksada ýetmek isleýän bolsa, ol öz maksadyna ýetmegiň serişdelerini hem islemelidir. Emma, her näçe zalymlyk eden-de bolsa, ol hemme edeniniň üstesine-de men ýomutlary düzlemek maksady bilen gyryp, hut olaryň erkiniň deň hukuga eýedigini ykrar edýärin diýip, ýomutlary masgaralamandy. Her halda bu konfliktde-de göýä hakykata we ylma laýyklykda hereket edýän, saýlantgy adamlar, - diýmek, ahyrky netijede hakykat filosoflary – yrym, galp düşünje, gödeklik, häsiýetdäki bet meýiller diýlen zatlaryň nämädigini çözmäge hem-de düzlemek maksady bilen zorluk etmegiň we boýun egdirmegiň hut haçan zerur bolýandygyny çözmäge çagyrylýan adamlar bolup durýarlar. Şeýlelik bilen, deňlik indi..... zerurlyk arkaly düzlemeklige öwrüldi we birinji erk ikinjiniň deň hukuklydygyny ony özüne tabyn etmek bilen ykrar edýär. Yza çekilme # 3, bu ýerde eýýäm masgaraçylykly gaçyşa öwrülýän yza çekilme.”
F.Engels, “Anti-Dýuring”, Aşgabat, 1970 ýyl. 112-113 sahypalar.
()