Surat

He-he-he...

Adam aýtdy:

"Gelip, aýyn bolmasa: 'He-he-he, näme iş bitirdiňiz?.. Alan galaňyz bolmadymy? He-he-he...' edýärler. Hamala, men ýa ýene birleri, iki-ýeke bolup, birden uly iş bitirmeli, olaryň dag ýaly meselelerini çözmeli ýaly. A olar soň ol işiň hözirini görmeli... Köpri gurlan bolsa, geçmeli, guýy gazlan bolsa, içmeli. Ýok, gardaşlar, beýle zat bolmaz. Gülüberiň, garaşyberiň. Siziň ene-ataňyzam gülüpdi, garaşypdy. Ine, ýigrimi-otuz ýyl soň siz ol gülkiniň hözirini görýärsiňiz, ýarym gedaý... Bolýan bolsa, ýaşaň. Her kimiň öz ömri, öz wagty, nämä harç etse, öz işi. Men, her näme-de bolsa, synanyşýaryn. Goý, uly netije bolmasyn, ýöne özüm özüme bolmanda synanyşdym diýip bilerin. He-he-he..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024