Oýun we çyn
Adam aýtdy:
"Olary öldürdiler. Hiç kim hiç zat diýip bilmedi. Sebäbi subutnama ýokdy. Ýöne köp adam ölüm habaryny eşideninden düşündi. Olar howply oýna baş goşupdy, iki ýa bolsa üç tarapa-da oýnamaga taýýardylar. Dogry, ikirjiňlänler hem boldy. Emma düşünýänler munuň şeýle boljagyny öňünden hem bilýärdi. Gowusy, oýun etmezlik, çyn ýene biraz gorap bilýär. Emma oýun oýun bolýar, onda biraz ýeňen ýalam edersiň, ýöne ýeňşiň ýeňiş bolman, ýeňliş bolup çykmagy gaty mümkindir."