Ýara we duz

Adam aýtdy

"Bir özi ýa özi ýalylar bilen birleşip, seni aşak çekýän, garalaýan, peseltjek ýa kiçeltjek bolýan adamlar, gadym kitaplaryň birinde okadym, seniň özlerinden has ýokarydygyňy bilýän adamlar bolmaly. Ýogsa olar beýle kän azara galmazlar. Eger gynansalar, haýpy gelenden bolsalar, sen ýykylansyň ýa hiç wagt galyp bilmejek, ejiz bir adamsyň. Adamlar ejize, ýykylana gynanan bolup, özlerini adamkärçilikli görkezerler. Ýöne ýykylanyň ýerinden galmagy üçin kän iş etmezler. Sowet sütemleriniň içinden geçen bir şahyr agyrýan ýeriňi aýtma, edil şol ýere urarlar diýipdir. Bu öňden gelýän akyl eken. Gowusy, ýaraňy görkezme, duz gözlemesinler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024