Kyn zamana

Adam aýtdy:

"Erbet gylygym bar, wagtym bolsa, tapan zadymy okaýan. Aristotel "tankytlanmajak bolsaň, hiç zat etme, hiç zat aýtma, hiç kim bol" diýipdir. Beýik akyldar aýdan bolsa, dogrudyr diýip, edil diýşi ýaly etdim. Okamagymy goýup, hiç ýere çykman, hiç zat etmän ýatdym. Bolmady. Gykylyklap üstüne geldiler. Hiç zat edeňok, hiç kim bolduň diýip tankytladylar. Gynançly ýeri, tankytlaýanlar bireýýäm hiç kim bolan, bir iş edeninden etmäni gowy, bir söz aýdanyndan aýtmany gowy diýilýän adamlardy. Walla, näme etjegiňi biler ýaly bolmady..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024