Türkmen saçagy ýa-da biz nähili naharlanýarys?

Ýewropada ýaşaýan B. bilen söhbet

Siz çagalykda, ýetginjek ýyllaryňyz mekdebe gitmezden öň, ýagny ertirlerine näme iýýärdiňiz?

B. Ertirlerine köplenç çörege mesge çalyp iýýärdik. Süýjüli çaý içýärdik. Käte süýde çörek dograp iýerdik. Çaýçorba hem edinerdik. Bal bilen çörek iýýän wagtlarymyz hem bolardy. Gaýnadylan ýumurtga, heýgenek... iýerdik.

Günortan, mekdepden gelip näme ýa-da nähili naharlary iýýärdiňiz?

B. Günortan köplenç batyrma, jazly aş, belke, heýgenek, gowrulan kartoşka, süýtli tüwi, käte gowrulan kolbasa, eredilen gowurdak, çorba, çapady, gowrulan aş, makaron... iýerdik.

Agşamlyga näme iýýärdiňiz?

B. Agşamlyga palaw, şüle, börek, gutap, kädili gutap, gökli gutap, gökli börek, çorba, manty, kakmaç ýaly naharlary iýerdik.

Çagalykda restoranda ýa naharhanada naharlanyp gördüňizmi?

B. Çagalykda bir gezek hem restorana gitmedim. Ýöne klasdaş gyzlar bilen mekdebiň naharhanasynda nahar iýerdik. Bir gezek, 1-nji maý baýramçylygynda ejem bilen köne ýarmarkada bir naharhana hem girip görüpdim. Ejem baýramçylyklarda köçede satylýan doňdurmadan alyp bererdi. Köçä aýlap satýanlardan horazsüýji hem alyp bererdiler.

Çagalykda iýen zatlaryňyzyň köpüsi siziň ejeňiziň ýa-da eneňiziň, gelnejeleriňiziň ýa-da aýal doganlaryňyzyň bişirip beren ýa bişirmegi öwreden naharlary diýeliň. Soň siziň özüňiz ene bolduňyz. Bu döwürde siziň çagalaryňyza berýän naharlaryňyz bilen öz çagalykda iýen naharlaryňyzyň arasynda nähili tapawut bar?

B. Ozal, ýagny çagalyk we ýetginjeklik ýyllarym bolgar burjy we badam ýaly gök önümler köplenç batyrma ýa dolama edilende ulanylýardy. Badamy duzlaýanlar hem bardy. Meniň çagalayk döwrüm bilen deňeşdirilende, soň gök önümler köpräk ulanylyp başlandy. Mysal üçin, badamy gowrup, onuň üstüne pomidor, bolgar burjy, şiwit (ukrop), petruşka, sogan, sarymsak ýaly gök önümleri çigligine dograp iýmegi köpeltdik. Nahardan soň, ýa-da çaý içilende ozal diňe çapady, pişme ýaly zatlar iýlen bolsa, soň her hili tortlary bişirmegi öwrendik.

Gowurdak, gowurma ýa gowrulan et barada aýratyn sorasym gelýär. Türkmen maşgalalarynda bag goýun ýa öküz, düýe, torum bakmak hem gyşa gabat öldürmek medeniýeti bar. Siz öz çagalyk ýyllaryňyz bilen enelik ýyllaryňyzda etiň ulanylyşynda nähili üýtegşme gördüňiz?

B. Ozal batyrma edilende diňe gowurdak ulanylardy. Soň eti gowurman hem uzak saklamak mümkinçiligi köpeldi. Onsoň batyrma edilende üwelen et, towuk eti köp ulanylyp başlandy. Soňabaka goýun etini iýmegi mazaly azaltdyk. Umuman, soň gök önümleri köp iýip başladyk. Aýdaly, ozal gutap edilende diňe etden ýa gökden edilerdi. Soňra gutap edemizde eti az ulanyp, onuň ýerine kartoşka, tüwi gaýnadyp, kelemi gowrup, garyp ulanmaga başladyk. Ozal dolama edilende hem azajyk tüwi bilen esasan et ulanylan bolsa, soň azajyk et bilen oňa iki-üç esse tüwi, badamyň löti ýaly zatlar ulanylyp başlandy.

Siziň Ýewropa tejribeleriňiz saçagyňyza näme täzelik getirdi?

B. Ýewropada dürli nahar kitaplary bar. Ol kitaplardan dürli halklaryň nahar medeniýetini görüp, öwrenip bolýar. Mundanam başga, türk, arap, nemes... telekanallaryndan nahar programmalaryny görüp, köp zat öwrenýärsiň. Dürli halklaryň restoranlary, naharhanalary hem bir topar nahar ideýalaryny berýär. Ýene bir möhüm zat bolsa, dükanlarda islän zadyň, ozal adyny eşitmedik azyk önümleriň elýeterli bahadan satylyp dur. Biziň türkmen naharymyzda adatça ýagly-ýüzli, et köp ulanylýan bolsa, Ýewropa çykyp ýagly-ýüzlini, eti azaldýarsyň ýa guş, balyk etini köp iýýärsiň. Şeýle-de bu ýerde her hili çorbalary bişirmegi öwrenýärsiň. Aýdaly, men öýde, saglyk üçin peýdaly diýip, diňe pomidordan, etsiz çorba bişirmegi köpeltdim. Ozal wermişeli (aşy) diňe ýaga gowran bolsam, soň wermişeliň gapdalyna kartoşka, tüwi hem goşup, olary garyp gowurmaga başladym. Ýewropada tüwini ulanyşym hem baýlaşdy diýip biljek. Meniň çagalyk döwrümde tüwiden diňe süýtli tüwi, palaw, şüle bişirilerdi. Men bärde tüwini palawyňkydan esli az ýagda gowrup, palaw buglanyşy ýaly buglamagy endik edindim. Buglanan tüwiniň üstüne guýjak etiňi, gök önümleriňi aýratyn gapda bişirýärsiň. Tüwini kelem çorbasy, brokkoli çorbasy ýaly çorbalara hem birki çemçe atsaň, çorbanyň tagamy gowy bolýar. Ýa-da bolmasa, ozal ysmanakdan, selmeden, balgazdan diňe gutap, börek bişiren bolsam, Ýewropada ysmanakly çorba etmegi we ysmanak bilen peýniri garyp bişirmegi endik edindim.

Türkmenistanda balyk az iýilýär we diňe gowrulýar diýen ýaly. Siziň saçagyňyzda bu meselede näme üýtgeşiklik boldy?

B. Bärde balygy köp iýýäris. Esasan örret, lasos (salmon), makrel balyklaryny köp satyn alýarys. Makreli ýagda gowursaň gowy bolýar. Ýöne örret, lasos ýaly balyklary dürli gök önümler bilen howur-peçde bişirseň gowy bolýar. Balygyň ýany bilen gaýnadylan ýa buglanan tüwi iýýäris. Balyk bişirilişinde her hili usullary öwrendim. Mysal üçin, howur-peje pomidory köpräk atyp, balygy ýumşak hem bişirip bolýar, limon, sarymsak ulanyp, tagamyny isledigiňçe gowulap hem bolýar.

Dowamy bar.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024