Düzediji problemasy

Adam aýtdy:

"1970-nji ýyllaryň aýagynda Üçajyda ýaşaýan daýzam gyzyny okuwa salmaga geldi. O ýyllarda her ýyl müňlerçe adam paýtagta gelip, çagalaryny okuwa saljak bolardy. Ýöne okuw kagyzda mugt bolsa-da, hakykatda pulludy, her hünäriň öz bahasy bardy, degerli tanyş tapyp, para bermelidi. Dogry, gerekli ýerinde ýakyn garyndaşyň bolsa, pulsuz, diňe telefon jaňy bilen hem okuwa girip bolýardy. Şu sebäpden ýokary bilim köp derejede püçege çykaryldy, okuw okamak diýen söz diplom almak, gaty kagyz edinmek diýen söz bilen çalşyryldy. Bu açyk syrdy. Daýzamyň çagalary okuwyna ökdedi, rus dilinde gowy gürleýärdi, gowy ýazyp bilýärdi. Bir gün günortan çaý içip otyrkak şäheriň beýle çetinde ýaşaýan başga bir garyndaşymyň gyzy geldi. Ol daýzamy, onuň gyzyny görüp, gaty begendi we olaryň näme üçin gelenini eşidip, "Arkaýyn bol, hiç zady alada etme, özüm tanyş görerin, düzederin" diýdi. Biz geň galdyk, sebäbi onuň özi okuwa girip bilmän, iki-üç gezek ekzamenden ýykylyp, uniwersitetde laborant bolup işleýärdi. Ol gitdi welin, uly doganym başyny ýaýkady: "Beýle sözi geçýän bolsa, özi girmeli eken-dä okuwa" diýdi. Güldük. Ondan bäri kyrk ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne, emele gelen ýagdaýy ýa meseläni düýpden bilmeýän adam bolmajak gürrüň etse, ýa bir işiň abraýyny aljak bolup, boş gürläp, başgalary samsyk ornunda goýup, öz derejesinde welilik satsa, şol laborant garyndaşymyz ýadymyza düşýär we "Arkaýyn bol, hiç zady alada etme, pylany tanyş görýär, düzedýär" diýýäris."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024