Ýüzügara türkmençilik
Adam aýtdy:
"Düýn obamyzyň iň sylagly ýaşulusy, etrapda ýa sebitde çäre bolsa çagyrylýan goja köçede pete-pet öňümden çykdy. Birinji gezek, bilmedim nädip boldy, taňry salamyny bermän geçdim. Ol: "Hany salamyň, ýa sen türkmen dälmi?" diýip, iki ädim hem geçmänkäm gaharly sorady. "Aý, türkmençiligi siz ýaly adamlar kesgitlemeli bolsa, men türkmenem, adamam däl, şo taýdan aýraýyň meni" diýdim. Bilýän, pylanyň ogly pylan diýip, oturan-turan ýerinde gürrüň eder, hatda işden kowdurmagy, töhmet bilen türmä basdyrmagy hem mümkin. Ýöne men oňa salam berip bilmedim. Sebäbi biz salam berip, bu hili adamlaryň diňe özlerine däl, il-güne edýän ikiliklerini, ýaşlara edýän ýamanlygyny hem bagyşlaýanymyzy görkezýäris."