"Owarra bolsana" meselesi

Adam aýtdy:

"Eje bar, eje bar! Çagasy bir zat sorap gelse, birleri bilen gürleşip otyrka ýa ýeke özi, "owarra bolsana, seňki näme?" diýip, eliniň tersi bilen urýan ýa azgyrylyp, ogul-gyzynyň ýüzüni alýan obaly, şäherli aýallary gördüňizmi? Men gördüm. Bir ýa iki gezek hem däl. Ýöne şundan öň, hiç wagt bu barada dil ýarmadym. Sebäbi dil ýarsam, özümiňem sylanyp goýulmajagymy, şol çagalardan erbet bolmasam, gowy edilmejegimi gowy bilýärdim. Sebäbi ýaş başyndan çaga basan, arasynda işlejek, iýdirjek, geýdirjek, kirini ýuwjak, içerini süpürjek bolup heläk, üstesine gep-gürrüňe-de ýetişjek bolýan okuwsyz naçar... Gynanýan ýerim, bizde okuwsyz, üstesine terbiýe hem görmedik, çagasyna bir zat öwredeninden oturyp gybat edenini gowy görýän aýal ýüzem däl, müňem, on müňlerçe... Emma bu agyr meseläni agzaýan welin tas ýok. Biz has ýokardaky, aşakdaky düýpli meseleleri agzaman, hiç wagt doly çözüp bilmejek uly meseleler hakynda gürrüň etmegi gowy görýäris. Baý ogly ýaly, uly gürleýäris. Aý, owarra bolalyň-laý, nämä janymy ýakyp, kime zat düşündirjek bolýan-aý? Özümi oňaramok, siziňki näme?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024