Ýitirilmedik däpler
Adam aýtdy:
"Käte biz yzagalak, nalajedeýin, internet, akylly telefon asyrynyň beren mugt mümkinçiliklerinden hem peýdalanyp bilemzok diýen ýaly zeýrençleri eşidýärin. Bu edil beýle-de däl. Biziň goşunymyzda, deslapky tussaghanalarymyzda we türmelerimizde hem edermen ýigitler akylly telefonlary örän netijeli ulanýarlar. Mysal üçin, türkmeniň aňyrdan gelýän parahorçylyk, talaňçylyk däpleri indi akylly telefonlar arkaly ösdürilýär. Tüweleme, gerekli wagtynda gerekli ýerde bolan emeldarlar bazara geçilende ýiter öýdülen milli gymmatlyklarymyzy saklap galdylar we has-da ösdürdiler. Goşunda gulluk edýän ogluň, türmä düşen maşgala agzaň bolsa (bulardan gaçyp gutulýan az indi!), gyssaga düşseler, çykalgasy aňsat, göterimine pul alyp, telefon arkaly para beräýmeli. Tüweleme, nalajedeýin däl biz, iň sowatsyz esgerlerimiz, türme sakçylary hem telefon arkaly para almagy oňarýar. Sag bolsun, parasatly, göreldeli baştutanymyz bar, bu işlerde irmän-arman ýol görkezip, hepdede birnäçe gezek 'birnäçe tabşyryklary' berip otyr."