Jenaýatçy ene-atalar
Adam aýtdy:
"Çagasyna bir erteki okamaga wagty bolman, ýa bu barada pikir hem etmän, soň mekdebi, mugallymlary günäläp ýa synagdan geçmek üçin para berip, çagalaryny ters ýola salýan, durmuşda gabat geljek ilkinji kynçylyklaryň potensial, mümkin bolan gurbany edip ýetişdirýän, okuwsyz-bilimsiz, kim näme etse edibermeli gul ýa gyrnak düşünjeli adam edip taýýarlaýan ene-atalaryň biderek gep-gürrüňlere, gybata harçlan wagtlary, ýa birlerine görünjek bolup, ýa ilden galmajak bolup satyn alan, pul harçlan zatlary ýadyňa düşeňde, başyň aýlanýar we jemgyýetdäki adalatsyzlyklaryň sebäbine azajygam bolsa düşünip başlaýarsyň. Jogapkärçiliksiz, düşünjesiz ene-atalar, şol sanda dürli ýagdaýlarda uly ýolbaşçylyk wezipelerine çykan adamlar jogapkärçiliksiz adamlary ýetişdirýär we munuň üçin soň hiç bir jogapkärçilik çekmeýär. Adama garşy ol ýa-da beýleki görnüşdäki jenaýat işini açmak üçin ýerliksiz aýdylan bir söz-de, kiçijik ogurlyk hem ýeterlik. Ýöne öz çagalarynyň gelejegini ogurlan ene-atalary jogapkärçilige çekmek üçin madda ýok, golasty işgärlerini ters ýola salýan ýolbaşçylar bolsa, iki-ýekesi gurban berlen bibiniň giden ýerine gitmese, şa-soltan bolup ýaşaýar."