Surat

Düşünmesi kyn logika

Adam aýtdy:

"Men şu häkimiýetler diýilýänleriň logikasyna hiç düşünip bilmeýärin. Olar birden, has beýik ýerde dikmek bahanasy bilen, Magtymgulynyň paýtagtdaky meşhur ýadygärligini ýykjak bolýarlar, birdenem onuň öňki heýkeline degmän, ikinji, has uly heýkelini dikip, doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegi planlaşdyrýarlar. Men olaryň şahyryň iň meşhur ýadygärligini ýykjak ýa-da şäheriň ortasyndan uzakdaky bir ýere göçürjek bolmaklarynyň sebäbine düşünýärin. Sebäbi ol "Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady" diýip, özlerini gurujy atlandyrjak liderleriň kimdigini kän öňünden, welilik bilen aýdyp gidipdir. Ýa öň aýdylan zatlary bagyşlamak aňsat-da, soň aýdylan zatlary bagyşlamak kynmyka? Ýa-da hakykatdan soňky döwürde il-güne musallat bolan liderlerem bir zatlara düşünjek bolýarmyka? Düşünemok diýidimmi, düşünemok."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024