Ýagdaýyna düşünmeli we gynanmaly halk
Adam aýtdy:
"1970-nji ýyllardan bäri görýärin, bilýärin, ogluny ýa gyzyny tanyş görüp, para berip, ÝOJ-a salan begenýär, ýakyn adamlary ýa o diýen ýakyn däller hem ony gutlaýar, begenjini paýlaşýar. Diňe okuw däl, para ýa tanyş üsti bilen wezipe alanlary hem bile-görä gutlaýarlar, ýüzüne gelip, galat iş etdiň diýmeýärler. Sebäbi her kim ondan peýdalanjak, bolmanda zyýan görmejek bolýar. Men bu ýagdaýa iki-ýeke gahar edýänleri hem gördüm, ýöne olaram uzakçyl däl. Köplenç, başga ugur bolmasa, özleri hem para-peşgeş, tanyş-biliş ýa ýallaklamak, ikiýüzlülik usullaryny ulanýarlar. Ýöne bu ýagdaýdan utanýanlar, eden işini öwnüp gürrüň bermeýänler ýene ýagşy.... Onsoň emel ýeten parahor bolsa, ýurt durşuna türmä öwrülse, ykdysadyýet çökse, açlyk-horluk dowam etse, millet daşary ýurtlara gidip, hammal bolmaga hem razy bolsa, geň görmeli däl. Bu halkyň ýagdaýy, däbi ýa dessury, gymmatlygy ýa betbagtlygy. Ol muny öz içinden ýetişen we ýokaryk çykan adamlar bilen bileje, el-ele berip döretdi. Oňa gahar etmeli däl, düşünmek, belki-de, gynanmak bilen garamaly."