Ýalňyşsam begenjek
Adam aýtdy:
"Orsýetli ýaşlar bilen gürleşýärin, olar Putiniň gurdurýan äpet köşklerine, olaryň iç bezeglerine, arap ýa italýan kysym mebellerine hezil edip gülýärler. Olar üçin prezidentleri döwürden, durmuşdan yza galan, bus-bus bolan, hassa goja. Bu ýagdaýda Orsýetde ýene bir diktaturany gurmak ýa ömürlik prezident saýalamak kyn bolar. Emma bizde ýene we ýene ömürlik prezident bolup biler, sebäbi ýaşlaryň bir topary hatda masgarabaz prezidentden, onuň masgarabaz oglundan we agtygyndan hem masgara bolup görünýär. Ýöne, alla jan, ýalňyşýan bolsam, gaty begenerdim."