Armanyň armany

Adam aýtdy:

"Diýdimzor bilen diýdimzoryň hem tapawudy bolýar. Öňki diýdimzor arasynda baş prokurory hem türmä basardy. Emma soňky diýdimzoryň kakasy türme sakçysy bolansoň, türme tasdan howpsuz biznese öwrüldi. Bu barada gazak habarlaryny okap otyrkam pikirlendim. Olarda türmede 'gowy' oturmak üçin, iň täze maglumata görä, tussaglar 100 müň teňňeden 1 million teňňä çenli pul töleýärler. Bu detal "Gernyý berkut" türmesiniň öňki başlygy Arman Abilewiň sud diňlenişiginde mälim boldy. Tussaglaryň käbiri türme başlygyna türmede telefon ulanmak üçin para berse, ýene birleri urlup-ýenjilmezlik, maýyp bolmazlyk ýa öldürilmezlik üçin para bermeli bolýan eken. Bizdäkiden tapawutlylykda, Gazagystanda adamlar adalatsyzlygy hemişe sessiz ýuwutman, azajygam bolsa baş galdyrýar. Üstesine, häzir Gazagystanda-da adamlaryň aglaba köplügi 1990-njy ýyllardakydan erbet ýaşaýar, Bütindünýä banky bu ýurdy orta gazançly ilatly ýurt bolmagyndan gedaý ilatly ýurt toparyna geçirmek meselesini goýýar. Bu ýagdaýdaky adamlar türme başlygyna nädip pul ýetişdirsin? Netijede, türmedäki adamsyndan 1 million teňňe talap edilýän aýal ýurduň Milli howpsuzlyk komitetine şikaýat edipdir. Şeýlelikde ol kazylaryň öňünde kellesini ýalaňaçlamaly bolupdyr. Ýöne bu habary eşidip, biziň türme başlyklarymyz alada galyp oturmaly däl, olaryň arkasynda öňki türme sakçysynyň ogly dag ýaly bolup durýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024