Milli düşünje
Adam aýtdy:
"Her näme diýsegem, ahyry milli düşünjämiz ösüp başlady. Düýn sosial ulgamlarda bir ildeşimiziň zeýrenjiniň üstünden bardym. Ol Türkiýä baryp, hammallyk edip gün görmegiň gowy zat däldigini, sebäbi näçe işleseň-de, hiç hili durmuş goragyň, hatda garrap, güýç-gurbatdan galan günüň pensiýa puluň hem bolmajakdygyny bilipdir. Eger-de adamlar şuňa türk hyrsyzlary ýurda çozup, prezidentlerimizi jübülerine salyp, ýurdumyzy we halkymyzy soňky köpügine çenli talaýan wagtynda düşünen bolsadylar, belki, bu günki gün ýüz müňlerçe doganymyz ýat ilde gul ýaly işläp, çörek puluny gazanjak bolmazdy."