Ýitirilen ömür

Adam aýtdy:

"Öňde-de biri ölümi ýatda saklamaly diýseler, oturmaly we gorkmaly diýdikleri däl; bu erbet işlere baş goşmazlygy, öz göwnüňe hem ýüregiňe laýyk gelmeýän işi etmezligi; ugursyz, ýaramaz adamlara çydap, ýüzlerine gelmän, sypaýyçylyk we geçirimlilik etmezligi, kemsitmeleri we ýalançylygy sessiz ýuwutmazlygy aňladýar diýipdir. Ölümi ýatda saklamak öz wagtyňy we ömrüňi sylamak, onuň gadyryny bilmek diýidir adam. Kimem bolsa, dogry aýdypdyr, ýüregime jüňk boldy. Ýöne haýp, ömrümi gorkup geçirdim, etmejek işlerimi etdim, ýüzüni görmesiz adamlaryň ýüzüne ýylgyrdym, ýüzüme ýa ýeňsämden aýdylan ähli hapa zatlary ýuwutdym, indi yzyma, geçen ýoluma, ömrüme seretsem, ýüregim bulanýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024