Žurnalist bilen içalynyň tapawudy
Adam aýtdy:
"Biziň öňe çykan adamlarymyz 140 ýyl öňem žurnalist bilen içalynyň tapawudyny bilip bilmändirler, şindi hem bilenoklar ýa-da biljegem bolanoklar. Sebäbi niýet bilmekde däl, başga zatda. Şu sebäpden, 140 ýyl öňem ýurdumyz, halkymyz talanypdyr, şu günem talanýarys; müň içalydan beter adamlar, olaryň ogul-gyzlary bolsa, başarsa taýak bilen, başarmasa başga zat bilen susduryp, milletiň gelejegini ogurlamagy dowam etdirýär. Bu hili ýagdaýda döwlet gurmak barada haçan, nirede we nädip, kim bilen gürrüň etjek?"