Biziň ýagdaýymyz

Adam aýtdy:

"Düýn rusça-türkmençe sözlüge girip, 'meşanin' diýen sözüň manysyny gördüm. Meşan, meşanin diýmek şäheriň ownuk buržuaziýasyna degişli adamy aňladýan ekeni. Şeýle-de, bu söze çäkli, dar dünýägaraýyşly adam diýen düşündiriş berlipdir. Bu ýaşdan soň 'meşanin' sözüniň manysyny öwrenmek nämä gerek boldy diýersiňiz. Munuň sebäbi şeýle: Feýsbukda bir tanşym rus prezidentiniň öňki internet geňeşçisi German Klimenkonyň aýdan sözlerini sitirläpdir. Ol "Men – meşanin. Eger-de sowadyjyda gara işbiliň bolmagy üçin "Putin beýik!" diýip gygyrmaly bolsa, men şeý diýip gygyraryn" diýipdir. Elbetde, bu hili mesele öňki sowet ýurtlarynda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda köp adamyň öňünden çykýar we açyk aýtmasa-da, şeýle ýoly saýlap alýan opportunist, pursatparaz adam hiç bir ýurtda-da azlyk edenok. Ýöne feýsbuk tanşym Klimenkonyň sözleriniň aşagyndan öz gelen netijesini hem paýlaşypdyr. Ýagny, "Biz indi ata-babalarymyzyň 1937-nji ýyla nädip ýol berendigi baradaky soragyň jogabyny bilýäris" diýipdir. Dogrudanam, bu soraga jogap gözläp, tom-tom kitap okap, arhiwleri dörüp ýörmek gerek däl eken. Aslynda boýun alsaň, her soragyň jogaby özümizde, öz töweregimizde, biz ony çynymyzy etsek bilýäris we görýäris, ýöne bilmedik, görmedik bolup oýnaýarys we häzirki ýagdaýymyza düşýäris. He-he..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024