Aldawçy duýgy

Adam aýtdy:

"Diýdimzor hökümete protest bildirip, töhmet bilen türmä basylsaň, häkimiýetler yzyňdan gelen peredaçiniň içini üzer, azatlyga çyksaň, 'bolup ýörşüň nähili, dünýäni düzederin öýtdüňmi?' diýip, öňüňden çykan kemsitjek, kiçeltjek, utandyrjak bolar. Ýöne iň täsin ýeri başga, adalatsyzlyga garşy göreşiňi dowam etseň, öz mertebäňi, çagalaryň mertebesini gorajak bolsaň, has köp adam ýigrener, has köp duşman gazanarsyň. Olar seni göni alyp bilmese, gapdaldan, her hili şyltak atyp garalajak bolar. Sebäbi seni garalap, aýyply edip bilseler, bolmanda zyňan hapalarynyň yzy ýa-da ysy galsa, öz aýyplary, il-günüň, özleriniň düşen ýagdaýyndaky jogapkärçilikleri, günäleri azalan ýaly bolar. Hudaýyň adamy ýaradyşy şeýle, olar başga birlerini garalap ýa ýaralap, ýok edip bilseler, bolmanda asgynlatsalar, öz ýagdaýlary ýeňlemese-de, özlerini gowurak duýýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024