Surat

Biziň beýikligimiz

Adam aýtdy:

"Günbatarda, kanunyň belli bir derejede ýöreýän ýurtlarynda ýaşasak ýa-da sosial ulgamlarda sözümizi aýtmak mümkinçiligi bolsa, biziň milli söz azatlygy medeniýetimize taý geljek zat ýok: kime näme diýesiň gelse, 'agzy gyşygam bolsa, baý ogly gürlesin' diýlen ýaly, agzyňa gelenini aýdybermeli. Ne töhmet atdyň, ne şyltak atdyň, ne gybat etdiň diýen bolar. Başga birleriniň aýdymyny, sazyny, heňini, makalasyny ogurlamagam adaty zat, sen ogry diýjek, eger-eger, gündiz çyraly gözleseňem tapylmaz. Beýik-laý biz, ýa beýik dälmi? Birden gaty beýik bolaýmalyň? Bilmeýän bolsak bildiňmi öz beýikligimizi?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024