Gelşiksiz ýagdaý
Adam aýtdy:
"Ýat ilde rusça gepleýän duşsa-da, türkçe gürleýän duşsa-da, köne tanşyňa duşan ýaly bolýarsyň. Soň olar bir zat bilen ýadyňda galýar. Waşingtonda iňlisçämi kämilleşdirmek üçin jemgyýetçilik kitaphanasynda gurnalýan mugt gepleşik sapaklaryna gatnaýan wagtym orsýetli, ukrainaly, ermenistanly, azerbaýjanly, eýranly 'okuwçylar' bilen 'partadaş' boldum. 'Okuwçy' sözüni dyrnak içine almagymyň sebäbi olaryň hiç biri ýaş-ýuş däldi, sapak arasynda az-owlak gürleşseň hem, hersinden bir zat öwrenýärdiň. Elbetde, beýleki ýurtlardan gelenler bilen gürleşeňde hem, ýa olar sapak wagty öz durmuşlary, medeniýetleri, däp-dessurlary, naharlary barada gürrüň berende hem hökman bir bilmeýän zadyňy öwrenýärdiň. Mysal üçin, ýaponiýaly klasdaşymyň kakam çagalykdan her gün ýatmazdan öň ýyly suwly wanna almagy öwretdi diýen gürrüňi, meksikaly klasdaşymyň bäş dogandyk, ejem irden herimize kiçijek sarymsak atdyrardy, hiç wagt sowuklamandyk diýen sözleri ýadymda galypdyr. Gowy zatlar bilen bile o diýen göwnüňden turmaýan zatlar hem ýadyňda galýar. Bir gün, kim näme okaýar diýlende, türkiýeli klasdaşym Dostoýewskiniň "Uruş we parahatçylyk" romanyny okaýan diýdi. Mugallym ol romanyň näme hakyndadygyny sorady. Emma bu sorag jogapsyz galdy, sebäbi klasdaşymyz ol eseri ýaňy okap başlan eken. Men mugallym ol roman Dostoýewski däl, Tolstoýyňky diýer öýtdüm. Emma ol, belki, okuwçyny utandyrmazlyk üçin, bu barada dil ýarmady. Biraz öň Orhan Pamugyň iňlisçe çykan kitaplarynyň birnäçesini okamsoň, käbir ýurtlardaky rus edebiýatyny okaýan, bilýän bolmak 'keselinden' habarlydym. Ýöne adamlaryň kitapdaky gylyk-häsiýetleri hiç wagt dirilikde gören, şaýat bolan ýagdaýlaryň bilen deň bolmaýar. Men ozal türkiýeliler biz ýaly basylyp alnan, gyrlan, koloniýa bolan, öz medeniýetiňi, taryhyny unudyp, başga bir medeniýet ýapjalykdan başga ýol galmadyk halk däl, bize görä has erkin diýip pikir ederdim. Ýöne okamasaň, öwrenmeseň, üstesine okan, öwrenen bolup görnesiň gelse, başgalaryň öňünde nähili hala düşjegiňi, özüňi gülki etjegiňi bilmeseň, başga bir medeniýete öz ýurduňda oturybam ýapja bolup bolýan eken. Türk klasdaşym ýadyma düşende, onuň öz-özüni salan gelşiksiz ýagdaýyndan şindi hem ýüzüm gyzarýar."