Surat

Peýdasyz zatlar

Adam aýtdy:

"Adamlar köplenç saňa gerek zady bilmeselerem, käte gerek däl zady gaty gowy bilýärler we hökman getirtip berjek bolýarlar. Öten agşam bir çala tanşym feýsbukdan wideo jaň edip, başga biriniň maňa diýen kemsidiji sözlerini aýtjak boldy. Ol ilki onuň adam däldigini aýtdy, özüne diýen 'akyla sygmajak' sözlerini ýatlady. Onuň gürrüňini berýän adamy görýän adamym bolmansoň, men ony sakladym, gel, beýtmäli, kişiň gürrüňini etmäli, onda-da arkasyndan, eger beýtsek, zeýrenýän adamlarymyzdan näme tapawudymyz bolar diýdim. Ol ýok, biz bu hili adamlary aramyzdan aýyrmaly diýdi. Men ilki onuň gürrüňini edýän adamy bilen hiç bir gatnaşygymyň ýokdugyny, ol hakda hiç bir zat bilesimiň gelmeýändigini, onsoňam beýle adamlaryň hemişe bolandygyny we boljakdygyny düşündirjek boldum. Ol birbada düşünen, ylalaşan ýaly etdi, bolýar diýdi. Ýöne ýene we ýene şol bir gürrüňe gaýdyp geldi, ony has öň, student döwründen bäri tanaýandygyny... aýtdy. Göwni gaty galan bolarly. Uzaga çeken ýaranyň awusy ýürek-bagra ornap gidipdir diýdim. Soň görsem, gürrüň arasynda bir bulgurjygy başyna çekýär... Göwnüne degesim gelmedi, ýöne bu, onda-da gijäniň ýarynda, uzak günki işden soň ýatyp dynç alaryn diýip otyrkam, maňa asla gerek zat däldi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024