Pahyrlar
Adam aýtdy:
"Şu gün eşitdim, köşk tanyşlarymyň ýene biri türmede ýogalypdyr. Pahyr, iki pursatda - döwlet baştutanynyň daşary ýurt saparyna goşulyp, uçup barýan wagtymyzda we soň, köşgüň gapdalynda, 14-nji aragatnaşyk bölüminiň işiginde pete-pet gelşi ýadymda galypdyr. Uçarda ol her goltugynyň aşagyna bir plastik çüýşe alyp, yraň-daraň ýöräp, delegasiýa wekilleriniň, şol sanda žurnalistleriň bulgurlaryny, isleglerine görä arakdan ýa konýakdan doldurýardy. Köşk eýesiniň iň ýakyn adamlarynyň biri diýip bilnensoň, ol guýsa, elbetde, içmejegem içýärdi. Ýanymda oturanlaryň biriniň ol yzyna gelýänçä ýetişmek üçin, içgisiniň ýaryny dökän-saçan edip, gyssanmaç bulguryny boşadyş ýadyma düşse, şindem ýylgyrýaryn. Ol 14-nji poçtanyň işiginde duşanda, men eýýäm köşkde işlemeýärdim. Ýöne köne tanşyň bolsa, köşkde işlemeseňem salam berýärsiň. Ol men üç ýaş dagy uludy. Dogry, baş atyp, salamymy aldy, ýöne elleşmedi we säginmän geçip gitdi. Elbetde, meniň köşkden gaýdanyma esli wagt bolupdy we ol durup, öňküleri ýaly gara-gadyr salamlaşsa, ondan şonda geň görjekdim. Köşk tanyşlarymyň başga biri tozanly ýolda pyýada gelýärkäm maşynly öňümden çykyp, salamlaşmajak bolup, göreninden gaza basyp, uly tozan turzup gideli bäri, men olardan hiç zady gaty göremokdym. Olam soň türmä basylyp, türmede hem öldi. Pahyrlar, ýatan ýerleri ýagty bolsun!"