Bilim-düşünje howpy
Adam aýtdy:
"Bileniňi, düşünjäňi hemişe aýdyp ýörmän, köplenç gizlemeli eken. Sebäbi bilimsiz, düşünjesiz adam köp. Bilim-düşünjäňi paýlaşyp, sen olary bilim-düşünjeli edip bilmersiň. Iň erbedi, beýle adamlaryň arasynda senden bilim-düşünjäň üçin ar aljak kändir. Sebäbi seniň bilim-düşünjäň, ýeten derejäň olary kemsider, utandyrar. Onsoň olar, özi ýalylar bilen birleşip, seni ýok etmegiň küýüne düşer. Elbetde, olaryň içinde wezipeli, täsirli adamlar hem bolup biler. Bu hili adamlar birleşende, islän töhmetlerini atyp, islän adamlaryny ap-aňsat ýok edip bilerler. Munuň mysaly kän, iň gowy mysal Sokratyň öldürilişi. Beýle adamlaryň garşysynda hiç bir kanun, hiç bir jemgyýet, hiç bir din durup bilmez. Iň gowusy, bilim-düşünjäňi özüňe sakla, gaty ýakynyň bolmasa, ýagşylyk etjek bolup paýlaşma. Käte gaty ýakynyň ýa söwer dostuň hem, bilim-düşünjäň we gowy ýüregiň bolsa, örän howply bolup biler!"