Surat

Betbagtçylygyň esasy sebäbi

Adam aýtdy:

"Ömürboýy işledip, hak-heşdegini bermän, çagalarynyň çöregini agzyndan kesip, köşk üstüne köşk gurunýan populist lideriň garşysynda sesini çykarman, islendik adama garşy görkezme berip, töhmet atmaga taýýar bolýan adamlaryň betbagtlygynyň esasy sebäbi näme? Gorky, adamlar eli ganly hökümetden çekinýär, çagalaryny ýetim goýmajak bolýar diýersiňiz. Ýalan. Munuň sebäbi adamlaryň ikiýüzlüligi. Olar entek hiç bir wezipesi ýok, ýöne geljekde wezipeli bolsa, hiç peslikden gaýtmajagyny görkezip oturan populiste hem kän gaty-gaýrym zat diýmeýärler. Tersine, oňa tomaşaçy bolýarlar, aşaklykdan ýa açyk goldaw bildirýärler. Diýmek, adamlaryň betbagtlygynyň esasy sebäbi gara güýçden gorkmak däl, ikiýüzlülik. Olar ozalam ýetik betbagtlyklarynyň üstüne, belki, birden gutarmasyn diýip, ýene we ýene betbagtlyk taýýarlaýarlar, çagalaryna, agtyk-çowluklaryna-da ýeter ýaly..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024