Sözüň manysy
Adam aýtdy:
"Soňky wagtda pasport çarbaýlygy köpeldi. Ondan öň ýurt türmä öwrülip, ilatyň üçden biri türmeden geçdi ýa-da para berip gutuldy, üçden biri çörek gözläp, ýat illere çykdy, pasportlarynyň möhletini uzaldyp bilmän kösenýär, ýurtda galanlaryň köpüsi çörek ýa ýumurtga, towuk budy ýa ýag, manat nobatynda dur, bu ýagdaýdan çykyp boljagy hem gümana diýip gynanardym. Soňky döwürde 'pasportyny zyňan ýa meýletin tabşyran' diýen bir gep tapdylar. Ony tapanlar ýurt içinde oturan wezipeli adamlar bolsa, düşünse-de bolardy. Emma bu çarbaýlygy başlanlar hem daşaryk çykan, erteki gün pasportynyň möhleti gutarjak, yzyna ene-atasynyň mazaryna zyýarat etmäge baryp biljegi hem näbelli adamlar. Belki, olar ertir pasportyň meýletin tabşyrylmaýandygyna, möhleti geçmedik dokumentiň bolmasa kyn bolýandygyna düşünerler. Ýöne gep munda däl. O pahyrlar bir tarapdan başga bir ýurduň pasportyny alan ildeşlerine bahyllyk etseler, ikinji tarapdan özlerini köşeşdirýärler. Nämemiş, olaryň pasporty barmyş, yzlaryna wizasyz baryp biljekmiş, üýtgeşiklik bolsa, prezident boljakmyş. Belki, göwnüň Kap dagynda bolsa, özüň üçin erbet hem däldir. Ýöne men soň geldim diýip, pasportym bar diýip, başgalaryň ýüregini agyrtmak nämä gerek? Ozallar men ilki geldim, birinji gaçyp çykdym diýip öwnerdiler. Bu gülkünç däl, Türkýede günde 14 sagat işläp, yzyna çörek puly iberýän ýaş ýigit komment ýazypdyr, 'wah, öýlenmedik bolsam, yzda aýalym we çagam bolmadyk bolsa, ömürem yzyma gaýtjak bolmazdym' diýipdir. Haýp, ullakan adamlar diýýäris, käbiri agzyndan çykýan sözüň manysyny hem bilmeýär. Olar ýurda, halka näme bolanyny, öňde nähili agyr günleriň bardygyny nädip bilsinler?"