Meniň işi we biziň ýagdaýymyz

Adam aýtdy:

"Garybyň sözi ýerem almaz, ýerde-de galmaz" diýen nakyly üýtgetmeli, "Garyp žurnalistiň sözi ýerem almaz, ýerde-de galmaz" diýip, täze, rejelenen görnüşde, parlamentde tassykladyp, prezidentiň goly bilen güýje girizmeli. Bu netijä men Mihail Aleksandrowiç Men hakyndaky habardan soň geldim. Eşitmedik bolsaňyz, Men rus döwlet işgäri, RF-nyň Hasap palatasynyň auditory. Ol ozal gurluşyk, ýaşaýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri, sebit häkimi ýaly uly we jogapkärli wezipelerde işlän sylagly adam. Ýöne, "Kursiw" gazetinde 2006-njy ýylyň martynda çykan makala görä, Meniň häkim bolan döwründe sebit gazetinde tankydy makala çap eden redaktor onuň metbugat wekiliniň iş jaýyna çagyrylyp, urlup-ýenjilýän eken (Düşewüntli kürsüsini gideren ozalky emeldarlaryň žurnalistlere çydamsyzlygyny geň görüp oturmaly däl!). Öz tejribämizden hem bilýän zadymyz, elbetde, garyp žurnalistleriň açan 'hakykaty' kanunyň işlemeýän ýurdunda men-senleriň wezipe basgançaklaryndan ýokary galmagyna päsgelçilik döredip bilmeýär. Emma birden kanun işlese, ýa ol ýokarlarda birlerine gaty gerek bolsa, Men bolsaňam 'aýbyň açylýar'. Ýogsa pahyr, ozalky orunbasarynyň beren görkezmesi çyn bolsa, bary-ýogy dokuz million amerikan dollaryny ýoklapdyr, bir milliardam iýip bilmändir entek. Özem ruhanynyň ogly, alty çaganyň atasy diýýärler. Herhalda, öňki häkimiň we ministriň garşysyna açylan iş, kanunda jenaýata çäre görülmegi üçin bellenen wagtyň geçmegi sebäpli, bes ediljekmiş. Derňewde aýdylmagyna görä, ogurlyk 2011-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda edilipdir, sowrujylyk babatdaky jenaýat işiniň möhlet uzaklygy 10 ýyl. Hukuk goraýjy edaralaryň derňewi gutaryp, suduň ýazgaryjy hökümini çykardyp bilmegi üçin dört aý wagt bar. Belki, biziň ýurdumyz bolsa, ýokardan buýruk berilse, derňewi iki günde tamamlap, üçünji gün höküm çykardyp bolardy. Emma Men jezadan gutuljaga meňzeýär, sebäbi ol Orsýetde ýaşaýar we prezident bilen arasy edil beýle erbet görünmeýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024