Beýiklik keseli
Adam aýtdy:
"Sowet döwründe bir şahyr "Biz näm bolsak, şol bolaly, bolsa bolýar eziz watan" diýip ýazypdy. Soň muňa güldüler. Emma bu gülkünç däl, biraz aňyrrak seretseň, agyň tutýar. Basybalyjylar, taryhy täzeden, özlerine görä ýazan 'ýeňijiler' 'beýik' bolmak üçin nämeler etmändir. Dilini, medeniýetini ýitiren ýa öz aslyny bilmän, başga birleriniň ýok medeniýetine aslyşyp, ýüzüne urulýan pahyrlary görüp, nebsiň-janyň agyrýar. Hatda N.W.Gogol ýaly beýik ýazyjylar hem öz ýurdunda öz ene dilini, gelip çykyşyny gizlemeli bolupdyr. Ýöne pahyr, Ýewropa syýahata çykanda, milletiň diýen soragly ýerde öz eli bilen fransuzça "ukrain" diýip ýazypdyr. Basybalyjylaryň gol astynda ýaşap, diri galmak üçin milletini, atasynyň adyny üýtgetmäge mejbur bolan beýik admalar näçekä? Eger-de bu syýasat dowam eden bolsa, bizem dilimizi ýitirerdik, milletimiziň adyny aýtmakdan çekinerdik."