Utançdan daş
Adam aýtdy:
"Garşyňda kim bolsa bolsun, sen onda özüňe gerek zady görýärsiň. Aýdaly, sen öňki sowet ajy, niýetiň bolsa doýmaz-dolmaz gözüňi doýurmak ýa-da ogurlyk. Sebäbi kakaň seni ogurlyk edip, gyrp-çyrp bilen ulaltdy, okaňda gyrp-çyrp okadyň, işläňde gyrp-çyrp, ýallak-ýullak işlediň. Ine-de, öňüňde dünýäniň ösen ýurtlary. Sen ol ýurtlardan kimiň gözlärsiň, elbetde, özüň ýaly gyrp-çyrplary, ýallak-ýullaklary gözlärsiň we taparsyň. Onsoň Ahmet Çoluk geler, Erol Tabakçy geler, Igor Arakçy geler... Ata-bablarymyz "Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň – ýarasy" diýipdir. Emma özüň gara bolsaň, ýaman bolsaň, agy garalap, ýagşyny hem ýaman edip bolýar. Mysal üçin, sen dünýäde görelde almaly ýurtlaryň biri bilen iş salyşýarsyň. Ol dünýäde 11-nji ykdysadyýet. Adamlaryň alýan ortaça aýlyklary aýda 3000 dollar. Ýurtda garyp adam ýok. Adam ömrüniň ortaça uzaklygy 82 ýyl. Çaga ölüminiň derejesi dünýäde iň pes ýagdaýa getirilipdir. Şeýle-de, bu ýurt dünýäde ýokary tehnologiýalaryň iň öňdebaryjy üpjünçileriniň biri bolup durýar. Dünýäniň her üçünji gämisi şu ýurtda öndürilýär. Awtoulaglary, smartfonlary we telewizorlary agzap hem oturmaly. Ilaty dünýäde iň bilimli we bäsdeşlige ukyply adamlaryň hatarynda durýar. Mekdepleri bolsa, berýän biliminiň hili boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Saglyk edaralary, hassahanalary hem, saglyk hyzmatlarynyň hili boýunça dünýäde üçünji ýerde durýar. Goşuny harby kuwwaty we netijeliligi boýunça dünýäde bäşinji ýerde durýar. Hökümet ylym-bilime Ýaponiýa we ABŞ-a garanda hem has köp maýa goýýar. Ilatynyň internet elýeterliligi boýunça hem dünýäde iň öňdäkileriň biri. Aýdym-sazlar (K-Pop) we kinolary, seniň ogry-jümri aýdymçylaryň, bisowat kinoçylaryň bilen deňeşdirer ýaly däl, bütin dünýä belli. Iň esasy bolsa, bu üstünlikler seniňki ýaly diňe döwlet eýeçiligindäki metbugatda däl, nebit-gaz, gymmatbaha magdan satyp däl, kiçijik bir toprakda gazanylan. Özem bu iş tas bir nesliň ömründe, juda gysga wagtyň içinde, açlygyň we urşuň harabalygynyň arasynda amala aşyryldy. Munuň üstesine, halk öz däp-dessurlaryny, dilini gorap saklady... Bu ýurt – Günorta Koreýa! Emma sen, gözüň aç bolsa, şu ýurda barsaň hem, öňküligiňe galýarsyň. Niýetiň galplyk, ogurlyk, edýän egrilikleriň gapdaldan görnüp duran hem bolsa utanmaýarsyň. Sebäbi sen entek utançdan has bärde, gaty daşda..."