Duşmanlaryň partiýasy
Adam aýtdy:
"Uniwersitet ýyllarymda Kommunistik partiýanyň taryhyny çynym bilen özleşdirjek boldum, sebäbi kakamyň menden başga-da on çagasy bardy, ýokarlandyrylan stipendiýa almak üçin hemme baham bäşlik bolmalydy. Seneleri ýat tutdum, synaglarda edilýän emel bolsa etdim, ýokary baha aldym, emma partiýa taryhyndan öwrenen, düşünen zadym bolmady. Soň görüp otursam, ýeňijiniň ýazan taryhynda hiç bir çyn zat bolmaýan eken. Arada ýeňlenleriň, ezilen halkyň wekiliniň – "Azatlygyň" žurnalistiniň ýazan gysgaça taryhyny okadym. Hemme zat düşnükli boldy. Asyl, hakykat ýazylanda, tomluklary dörüp, ýalançy professorlaryň leksiýalarynda wagt ýitirip ýöresi işem ýok ekeni. Gepiň keltesi, SSKP-niň taryhy, gysgaça aýdylanda, şeýle: “Lenin aradan çykan badyna (1924), partiýadaky ikinji adam, ýoldaş Trotskiniň dönükdigi mälim boldy. Kamenew, Zinowýew, Buharin we Stalin dagy birleşip, Trotskini ýurtdan kowdy (1927). Ýöne partiýa sümüp giren dönük diňe Trotskiý däl eken. Birazdan Kamenewiň, Zinowýewiň we Buhariniň hem duşmandygy we zyýankeşdigi mälim boldy. Netijede, garadangaýtmaz ýoldaş Genrih Ýagoda olary tussag etdi (1936). Ýöne şondan kän wagt geçmänkä Ýagodanyň hem duşman agentidigi belli boldy we Ýežow ony uzaga gidermän tussag etdi (1937). Ýöne iki ýyl soň Ýežowyň hem dost däldigi, eýsem adaty dönük we duşman agenti bolandygy mälim boldy. Netijede, ýolda Beriýa ony tussag etmeli boldy (1938). Stalin ölenden soň bolsa (1953) Beriýanyň hem dönükdigi belli boldy. Şeýlelikde, Žukow Beriýany tussag etdi (1953). Emma tiz wagtdan Hruşew Žukowyň hem düzüw adam däldigini, dildüwşüge gatnaşan duşmandygyny bildi. Ýöne ol onuň özi bilen deň bolman, diňe Urala sürgün etmek bilen çäklendi. Ýöne şondan kän wagt geçmänkä Staliniň hem duşman, zyýankeş we dönük adam bolandygy belli boldy (1956). Stalin bilen bilelikde, Syýasy býuronyň agzalarynyň hem köpüsi haýyn bolup çykdy. Şondan soň Staliniň jesedi mawzoleýden çykaryldy we Syýasy býuro we olara goşulan Şepilow Hruşewiň ýolbaşçylygyndaky dogruçyl partiýa agzalary tarapyndan dargadyldy (1957). Emma birnäçe ýyldan Hruşewiň hem düzüw adam däldigi belli boldy. Onsoň ol Brežnew tarapyndan dynç alşa ugradyldy (1964). Ýöne Brežnewem baky däl eken. Ölenden soň, onuň hem zyýankeşdigi, has anygy, durgunlyga sebäp bolandygy ýüze çykdy (1964-82). Elbetde, ondan soňam birki adam boldy, ýöne köp adam olaryň atlaryny öwrenmäge-de ýetişmedi (1982-85). Emma soň ýaş, gujurly Gorbaçýow häkimiýete geldi. Şondan soň tutuş partiýanyň weýrandygy we onuň agzalarynyň ählisiniň duşmandygy, onuň ähli zady birden düzetjekdigi belli boldy. Emma ol duşmanlar partiýasyny düzedip ýetişmedi, sebäbi SSSR halys ysgyndan gaçdy we jalkyldap ýykyldy (1991). Şondan soň Gorbaçýowyň hem duşmandygy, SSSR-e dönüklik edendigi belli boldy. Ine, SSKP-niň gysgaça taryhy şundan ybarat. Eger-de siz ozal SSSR-e giren ýurtlaryň we olarda döredilen Demokratik partiýalaryň 1991-nji ýyldan soňky taryhyny biljek bolsaňyz, onda meniň ýalňyşymy gaýtalap, ýeňijileriň ýazan taryhyny däl, ýeňlenleriň wekili bolan žurnalistleriň ýazan gysgaça taryhyny okaň, şonda ýalňyşmarsyňyz ýa-da az wagt ýitirersiňiz. Gynançly ýeri, biz partiýa ýa-da syýasat oýnunda öňki hapa, ganly ýoldan barýarys, bu ýolda ýene näçe ýitgi çekjegimiz, asla ondan çykyp biljegimiz hem belli däl..."