Döwlet syrynyň agyr netijesi

Adam aýtdy:

"Biz köp zady bilmeýärdik, okamadyk, eşitmedik zadymyz gaty kändi. Sebäbi bize köp zady aýtmaýardylar, köp zady ýoýup, başgaça görnüşde ýetirýärdiler. Sebäbi dolandyryjylara biziň köp zady bilmegimiz, netije çykarmagymyz gerek däldi. Indi, internetde öňümden çykýan zatlary okadygymça, meni we meniň neslimi, yzdan gelýänleri nähili ussatlyk bilen oýnandyklaryna göz ýetirýärin. Mysal üçin, ABŞ SSSR-iň ykdysadyýetinde nähili rol oýnady? Amerikanlar SSSR-de bary-ýogy on ýylda (1930-1940) himiýa, awiasiýa, elektrik, nebit, dag-magdan, kömür, metallurgiýa pudaklaryny we beýleki önümçilikleri döretdiler, Ýewropada awtoulag, traktor, uçar motorlaryny we beýleki önümleri öndürýän iň uly zawodlary gurdular. Aýdaly, Stalingrad traktor zawody doly ABŞ-da guruldy, söküldi, 100 gämä ýüklenip getirildi we SSSR-de gaýtadan düzüldi. "Dneproges" Amerikanyň "Cooper Engineering" we Germaniýanyň "Siemens" kompaniýalary tarapyndan guruldy. Ýurduň ilkinji tanklary hut şu zawodda öndürildi. Gorky awtoulag zawody (GAZ) Amerikanyň "Austin" kompaniýasy tarapyndan guruldy. AZLK bolsa “Ford” kompaniýasynyň taslamasyna laýyklykda guruldy. Meşhur Magnitogorsk Indiana ştatynyň Gary şäherindäki metallurgiýa zawodynyň ekiztaý nusgasy bolup durýar. "Albert Kahn Inc" firmasy 500 sowet kärhanasyny taslady we gurdy! Albert Kahn Detroýtyň senagat arhitektorydy. Hut Kahna ýüz tutulmagynyň sebäbi, ol “Forduň” ähli zawodyny taslap, senagat kärhanalaryny taslamak boýunça ýokary öndürijilikli tehnologiýany işläp düzdi. Onuň 400 adam işleýän kompaniýasy bir hepdede iş çyzgylaryny taýýarlap, senagat kärhanalarynyň binalaryny bäş aýyň içinde gurup gutarýardy. Kahn bu işi SSSR-de hem edip biljekdigini subut etdi: STZ taslamasy rekord tizlikde tamamlandy; onuň gurluşyk desgalary ABŞ-da taýýarlandy, SSSR-e äkidildi we alty aýyň içinde ýygnalyp, işe girizildi. Şundan çen tutulsa, SSSR-de ösen senagat binagärlik mekdebiniň düýbüni tutanlaryň "Albert Kahn Inc" kompaniýasynyň adamlary bolandygyna nädip ynanmajak? Zawodlar bilen bilelikde işçiler üçin şäherler hem döredilipdir. Nemes arhitektory Ernst Maý 20 töweregi sowet şäheriniň binagärlik taslamalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşypdyr. Amerikanlar SSSR-de on ýylda 1500 töweregi zawod we fabrik gurupdyr. 200 müňe golaý amerikan inženeri we tehnigi SSSR-e gelip, bir milliona golaý GULAG tussagyna, rewolýusiýadan öňki hünärmenlere ýolbaşçylyk edipdir. Amerikan professorlar işçiler fakultetlerinde üç ýüz müň çemesi ýokary taýýarlykly hünärmeni, gelýän ýyllarda sowet senagaty üçin zerur boljak ähli kadry taýýarlapdyrlar. Bu nämäni görkezýär? Sosializmiň maddy-üpjünçilik binýadynyň ABŞ kapitalistleriniň, goşmak sowet tussaglaryň arzan zähmetiniň kömegi bilen gurlandygyny görkezýär. Muny bize aýdan bolsalar, duşmançylyk ideologiýasy bilen başymyzy aýlamaga aşa gyzyklanmadyk bolalar, belki, biz ýurt bolup, bir giden nesil bolup, bu günki ýagdaýa düşmän hem bilerdik..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024