Aýdyjy akmak bolsa
Adam aýtdy:
"Käbirleri bizde akyl ýok diýýär, käbirleri akyl bolmasa, nakyl bolmazdy diýýär. Mysal üçin, ata-babalarymyz "Özüni öweniň tanapy çüýrük" diýipdirler. Emma indi adamyň esasy wezipesi, ömrüniň manysy özüni öwmek, öz harydyny öwmek, özüni ýa harydyny mümkin boldugyça gymmat bahadan satmak bolana meňzeýär. Sebäbi näme, dünýe bazar, iň arzan haryt bolsa adam, ony başaran aldaýar, oýnaýar, aýdylýan sözlere bakma, edilýän işe bak diýýärler. Mysal üçin, biri öňe çykýar-da, men tejribeli, men düşünjeli, bolýan zatlara analiz edip bilýärin, öňden görýärin... diýýär. Şondan soň onuň ähli eden işi ýa aýdan sözleri başga bir ýagdaýy, onuň hiç ýerden görmeýändigini görkezýär. Aýdaly, žurnalistleri, syýasatçylary ýigrenýärin diýýän adam, özi bilmän ýa bilip, žurnalist boljak bolýar, syýasatçylyk bilen meşgullanýar. Elbetde, ol öz edýän işinde gowy, belli bir derejede başarnykly bolsa, munuň aýby hem ýok. Tersine, ol žurnalizmiň, syýasatyň öňki bolanja derejesini hem öz derejesine çenli aşak düşürýär. Gepiň keltesi, "Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek" diýip, ata-balarymyz dogry aýdypdyr."