Täze baýyň ynamy
Adam aýtdy:
"Adamyň bagty getirip, sowet döwründe şäherde önüp-ösüpdir, rus mekdebinde okapdyr, öýlerinde ejesi-kakasy bilen-de, köçede oýnan oglan-gyzlary bilen-de orsça gürleşipdir, obadan gelen ýegenlerini, orsça bilenoklar diýip, adam hasaplamandyr. Bulary özi gürrüň berýär. Ýöne indi men, ýegenleri ýaly obada önüp-ösen, mekdep ýyllaryny gowaça meýdanynda geçiren çalasowat ýazyjy, öz işlerimi bir gyra goýup, onuň orsça ýazan kitabyny türkmençä terjime etmelimişim. Näme üçin diýsem, ildeşlerine aýdasy, düşündiresi gelýän möhüm zatlary barmyş, men ony has gowy terjime edip biljekmişim. Wagtym bolsa, özümem bir zatlara öwrener ýaly, Spinozany, Senekany, iň bolmanda Dostoýewskini terjime etjek, sen kim diýesim geldi. Ýöne ol bu gürrüňe düşünjek däldi, sebäbi Dostoýewskiden kän baýdy, humar hem oýnamaýardy we, Aşgabatdaky ýaly, ýazyjylaryň köpüsini ýarym litr araga satyn alyp bolýandygyna çyny bilen ynanýardy."