Post-bolşewik medeniýeti

Adam aýtdy:

"Günorta Afrikadaky Stellenboş uniwersitetiniň girelgesinde şeýle ýazgy asylyp goýlupdyr:
"Ol ýa-da beýleki milleti ýok etmek üçin atom bombasyny ýa-da uzak aralyga ýetýän raketalary ulanmak hökman däl. Diňe bilimiň hilini peseletmek we okuwçylaryň synaglarynda galplyga ýol bermek ýeterlik. Bu hili lukmanlaryň eline düşen näsaglar ölýär. Bu hili inženerleriň elinden çykan binalar ýykylýar. Bu hili ykdysatçylaryň we hasapçylaryň elindäki pul ýitýär. Bu hili hukukçylaryň we kazylaryň elinde adalat çüpreýär. Bilimiň ýykylmasgy milletiň ýykylmagydyr." Eger-de bizde, Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlarynyň girelgelerinde şeýle ýazgy goýsaň, muny ne professorlar, ne okuwçylar, ne-de olaryň ene-atalary, ne-de döwlet ýolbaşçylary halar. Hususan-da bu ýazgyny el çarpmakda ýöriteleşen ýaşulular ýigrener. Olar bu ýazgyny ýazan adamy tapyp, "haramzada, dönük" diýip, iň agyr ýyl kesip, türmä basmakdan ýa içerki sürgüne ibermekden hem gaýtmazlar. Sebäbi bu ýazgyda aýdylýanlar biziň bolşewiklerden miras alan täze medeniýetimize düýpden ters gelýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024