Populizmiň sebäbi
Adam aýtdy:
"Düýn bir ýerde gözüme ildi, ýalançy diňleýjileri bilen hakykatyň aralygynda durarmyş. Ýalan sözlemek, azajygam bolsa, dünýäniň ýagtylygynyň öňüni beklemek synanyşygyndan uç alýarmyş. Türkmen günüň öňüni etek bilen ýapyp bilmersiň diýýär. Emma günüň öňüni satyn alnan adamlar bilen uzak wagtlap ýapýarlar. Bu ýüzläp-müňläp, käte millionlap adamyň uzak wagtlap kiçi ýa uly türmede saklanmagyna alyp gelýär. Ýöne käte günüň öňüni ýapmak üçin kimdir birlerine pul tölemek zerurlygy hem ýok. Sebäbi adamlaryň özleri hem, ýagta tarap seredip bilmän, gözlerine gara äýnek dakýarlar ýa-da elleri bilen ýagtylygyň öňüni baglaýarlar. Sebäbi adam özüne gereginden artyk ýagtylyga çydamaýar, ony götermeýär. Adama öz gara işleriniň, bolmanda gara niýetiniň açylmazlygy gerek. Şu sebäpden ol köplenç ol ýa-da beýleki görnüşdäki populizme ýüz urýar."