Düşünişmezlik
Adam aýtdy:
"Köne tanşym jaň edip, 'Ýitdiň-le, gel, çaýlaşaly' diýdi. Wagt ýok-beýleki diýip, sypaýyçylyk etdim, emma ýakamy goýbermedi. Onsoň gönüledim, 'men dieteda' diýdim. Ol düşünmedi. 'Zyýany ýok, çaý-nahar hödür etmen, gowy bolar gaýta, arzan düşersiň' diýdi. Pahyr, dieta diňe iýgi-içginiň däl, görmesiz kinolaryň, okamasyz zatlaryň, diňlemesiz habarlaryň we bagşy-sazandalaryň, gürleşmesiz adamlaryň hem girýändigini bilmeýän eken."