Söz 'azatlygynyň' çatak ýeri

Adam aýtdy:

"Diýdimzor hökümetler söz azatlygynyň nämedigini gowy bilýär we ony şu sebäpden çäklendirýär, gadagan edýär. Sebäbi şeýtmeseler, garaşsyz žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar we beýlekiler bir topar bolmaýan zadyň üstüni açjak, hökümetiň abraýyny gaçyrjak, ony işden çekilmäge mejbur etjek. Emma şol diýdimzor hökümete garşy göreşýänleriň käbiri söz azatlygynyň nämedigini, onuň näme bilen we haçan, nirede "iýilýändigini" bilmeýär. Olar söz azatlygy islän zadyňy aýtmak, islän gepiňi ýaýratmak, özüň bilen bir hörpden gopmaýan adamlary garalamak diýip düşünýärler we dilde ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanan adamlar bu aýyplamany kabul etmän, subutnama talap etseler ýa garşylykly, özleriniňkä çalymdaş çäre görseler, gahar-gazaba münüp, has-da erbet, has esassyz ýa-da subut edip bolmajak zatlary diýmäge, şeýdip garşydaşlaryny 'masgara etmäge' çalyşýarlar. Bu medeniýet olary özlerine meňzeş göreşijiler bilen hem gapma-garşylyga alyp gelýär. Elbetde, agzyny alart-da, höküm sür diýlen ýörelgäni hemişe ýatda saklaýan hökümet bu garşylyga höwes bilen tomaşa edýär. Emma bir-biri bilen aşa meşgul bolup, hökümete eli ýetmeýän göreşijiler özleriniň söz 'azatlygyny' ulanyp, dimdimzor hökümete uly kömek edýändiklerine düşünip bilmeýärler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024