Ýaşuly ýazyjynyň tejribesi

Adam aýtdy:

"1980-nji ýyllarda ýazyjylar bir ýaşuly kärdeşleriniň agzyna köp öýkünerdiler. Ol Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi we, kabinetinde başga ýazyjylar oturan wagtynda-da, halamaýan bir adamy telefon etse, jaň edýäniň sesi beýlekilere eşidilip duran bolsa-da, rusçalap: "Alýo, alýo, kim sen, hiç zat eşidilenok, sesiň gelenok, liniýa gaty ýaramaz öýdýän" diýip, trubkany goýaýýar diýerdiler. Şo wagtlar, ýaşrak bolamsoň, içen ýazyjylar agzyna öýkünseler, o ýaşula hezil edip gülerdim. Indi muňa gülkim tutmaýar, telefonda bir negatiw, betpygyl adam bilen gürleşmeli bolsam, agzyna öýkünilen, gülnen ýazyjynyň rusçalap aýdan sözleri biygtyýar ýadyma düşýär we bu tejribeden peýdalanyp bilmeýänime, ony wagtynda özleşdirmänime gynanýaryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024